DÜNÝÄ

Türkmenistan-Slowakiýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz öz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, ýurduň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Tbiliside töleg boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy