SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyna gyzyklanma bildirdi

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginde Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda duşuşyk geçirildi. Bu barada Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Şol internet sahypasyndaky habarda bellenilişi ýaly, Russiýanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Aleksandra Dronowa bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B. Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýokaryda agzalan web saýtdan alan habarynda bellenişine görä, duşuşykda täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri bilen bir hatarda Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň hormatly akademik N. F. Gamaleý adyndaky Edidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlag merkezi tarapyndan işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymy barada pikir alşyldy.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, türkmen tarapy rus sanjymyny satyn almaga gyzyklanma bildirýändigi mälim edildi.

Taraplar çylşyrymly epidemiologiki ýagdaýa garamazdan, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdiler. “Covid-19” pandemiýasy başlanaly bäri ministrlik we bilermen derejesinde jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wideomaslahatlar guraldy.

Siz  habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Makul Sözlük: Akylly Sözlük

Mälim bolşy ýaly ýaňy ýakynda saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük –Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasy bilen tanşyň!

 

Söhbetdeşliklerimiz

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Jemi 43 baýrak: Bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

Ýakymly ýatlama: Žurnalymyz BMG Resmi Twitter hasabynda

Türkiýede bilim almak üçin – “Atavatan Danışmanlık LTD”

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy