Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumy hem-de “Russia Halal Expo 2025” sergisi öz işine başlady. Bu halkara forumlara Türkmenistan döwletimiz hem gatnaşýar.
Halkara forumlaryň açylyş dabarasy Kazan şäherindäki “Kazan Ekspo” merkezinde geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Ahmed Kawesa Sengendo we başga-da köp sanly myhmanlara gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin açylyş dabarasynda eden çykyşynda “KazanForum” halkara çäräsiniň şygarynyň “Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk” hökmünde saýlanyp alnandygyny belläp, özara ynanyşmagyň Russiýa bilen musulman döwletleriň arasyndaky gatnaşygyň berk binýadyny düzýändigini belledi.
Bu forumyň çäklerinde bassyr 8 ýyldan bäri “Russia Halal Expo” halkara sergisi geçirilýär. Oňa 12 döwletden, şol sanda Türkmenistandan, Özbegistandna, Türkiýeden, Marokkodan, BAE-den, Eýrandan, Azerbaýjandan, Bahreýnden, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Senagaldan köp sanly kompaniýalar öz önümlerini hödürleýär. Şeýle hem Russiýanyň 11 sebiti bu sergä işjeň gatnaşýar.
Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Ahmed Kawesa Sengendo ählumumy halal senagatynyň okgunly ösüşe eýe bolýandygyny belledi. Onuň maglumatyna görä, 2021-nji ýylda halal önümleriniň bazarynyň möçberi 5.7 trillion dollara deň boldy, üstümizdäki ýylda bu görkeziji 7.7 trillion dollara, 2034-nji ýylda bolsa, 9.4 trillion dollara barabar bolar.
“Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumy – Russiýa Federasiýasy bilen yslam dünýäsiniň arasyndaky esasy ykdysady meýdançadyr. Şu ýyl bu foruma 103 döwletden wekiliýet gatnaşýar. Russiýanyň 82 sebitiň işjeň gatnaşýan forumynyň iş maksatnamasy 200-e golaý çäräni öz içine alýar.