Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Pakistan Yslam Respublikasyna Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi ýetirildi. Bu barada Pakistanyň metbugat gulluklary habar berýär.
Türkmenistan tarapyndan taýýarlanan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma önümlerinden, şeýle hem dürli azyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi Pakistanyň Karaçi şäherindäki Jinnah halkara howa menziline gowşuryldy.
Ynsanperwer kömegini Pakistanyň wekillerine gowşurmak dabarasyna Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow, Sind welaýatynyň baş ministriniň kömek bermek we gaýtadan dikeltmek işleri boýunça geňeşçisi Rasul Buks Çandio, Daşary işler ministrliniň, Tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça milli müdirliginiň hem-de Tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça welaýat müdirliginiň wekilleri gatnaşdy.
Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Asim Iftihar Ahmad Türkmenistanyň iberen ynsanperwer kömeginiň uly hoşallyk bilen kabul edilendigini belledi.
Dabaranyň dowamynda çykyş eden pakistanly resmi wekiller sil almadan heläk bolan ýurduň halkyna öz wagtynda zerur bolan ynsanperwer kömegi berendigi üçin Türkmenistanyň baştutanyna hem-de halkyna çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, dostlukly ýurduň Prezidenti Aris Alwä we Premýer-ministri Şahbaz Şarife gynanç hatyny hem ýollapdy.
