JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan: gümrük ulgamynda hyzmatdaşlyk

Özbek tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Iş duşuşygynyň esasy mowzugy türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat gözegçilik-geçiriş ýeriniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Taraplar gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işi we ony kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada maglumat alyşdylar.

Serhetde ýüze çykýan meseleleri dessine çözmek maksady bilen tiz-tizden iş duşuşyklaryny geçirip durmak barada ylalaşdylar.

Iki gullugyň arasynda gümrük maglumatlaryny deslapdan alyşmak baradaky teswirnamany durmuşa geçirmek boýunça işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, taraplar 2023-nji ýylyň ýanwaryndan maglumat alyşmagy ýola goýmagy ylalaşdylar.

Duşuşykda sanly TIR ulgamyny ornaşdyrylmagy we üstaşyr amallarynyň ýeňilleşdirilmegi barada meseläniň üstünde durulyp geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygy barada biragyzdan pikir aýtdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri