Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nemes işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen bilelikdäki duşuşygyna hem gatnaşdy.
Türkmen tarapy öz çykyşynda nemes kompaniýalary we maliýe düzümleri bilen köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini nygtady. Işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli işleri, şol sanda 2025-nji ýylyň oktýabrynda Maýndaky Frankfurt şäherinde «Türkmenistanyň ykdysadyýet günleriniň» guralandygy üçin Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetine aýratyn minnetdarlyk bildirildi.
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ulag we logistika, demir ýol infrastrukturasyny dörebaplaşdyrmak, Türkmenbaşy halkara deňiz portuny ösdürmek we nemes kompaniýalarynyň «Gündogar-Günbatar» üstaşyr geçelgelerini hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky Orta geçelgäni kemala getirmäge gatnaşmagy bellenildi. Energetika, şol sanda wodorod taslamalary we «ýaşyl transformasiýa», himiýa senagaty, dokma, oba hojalygy, suw hojalygy sektory, maglumat tehnologiýalary we emeli aň hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.
Maliýe-bank ulgamyndaky özara hereketlere, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyndaky şowly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy nemes kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny bildirdi.
