DÜNÝÄ

Türkmenistan “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Onuň işine Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Merkezi Aziýa döwletleriniň Gazagystandaky ilçileri, ýerli we daşary ýurtly metbugat wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň çäklerinde “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň Sammitini geçirmegiň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Dünýä belli markalary kim esaslandyrdy

Ata Watan Eserleri