DÜNÝÄ

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň söwda ministrleriniň birinji duşuşygyna gatnaşdy

Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrligi tarapyndan merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň söwda we maýa goýum ministrleriniň geňeşiniň ilkinji mejlisi gurnaldy.

Çäräniň esasy maksady sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda, maýa goýumlar we senagat hyzmatdaşlygy ugurlary boýunça öňden bar bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de kooperasion önümçilikleri döretmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boldy. Bu mejlis sebitleýin ykdysady dialogy institusional taýdan berkitmekde we täsirli özara gatnaşyk mehanizmlerini döretmekde möhüm ädim boldy.

Mejlise Özbegistan Respublikasynyň maýa goýumlar, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow; Gazagystan Respublikasynyň söwda we integrasiýa ministri Arman Şakaliýew; Täjigistan Respublikasynyň ykdysady ösüş we söwda ministri Zawki Zawkizoda; Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow; Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň birinji orunbasary Elnur Aliýew; Gyrgyz Respublikasyndan Özbegistan Respublikasynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Duýşonkul Çotonow gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda we maýa goýum ministrleri özara söwdany we senagat integrasiýasyny ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygyny 20 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak üçin işjeň gurallar döretmek, «Made in Central Asia» diýen brend bilen bilelikdäki önümçilik meýdançalaryny döretmek, şeýle-de halkara maliýe institutlaryny we iri maýa goýujylary bilelikdäki infrastruktura we senagat taslamalaryna çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Özbegistan bilen Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda durnukly oňyn ösüşi görkezýär. 2017-nji ýylda haryt dolanyşygynyň möçberi 3,2 milliard dollar bolan bolsa, 2024-nji ýylda bu görkeziji  iki esse artdy we 6,9 milliard dollara ýetdi. Hususan-da, Gazagystan bilen söwda dolanyşygy 4 milliard dollara, Gyrgyzystan bilen 700 million dollara ýetdi, Täjigistan bilen 570 million dollardan hem geçdi, Türkmenistanyň bolsa soňky bäş ýylyň dowamynda söwda dolanyşygy iki esseden hem köp artdy — 1,15 milliard dollara ýetdi. Azerbaýjan bilen söwda hem ýyl başyndan bäri 13% ösüş görkezýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy