JEMGYÝET

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa» formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Britan tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işleri ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa + Beýik Britaniýa» (C5+UK) formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Birleşen Patyşalygyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşyga Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Iwett Kuper,  Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow gatnaşdy. 

Taraplar ikitaraplaýyn we sebitara gün tertibiniň giň gerimli meselelerini, ykdysady ösüş mümkinçiliklerini, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny artdyrmagy, şeýle hem sebitara özara baglanyşygy goldamak we halkara ulag marşrutlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Iwett Kuper öz çykyşynda ykdysady ösüşiniň durnukly depginleri, barha güýçlenýän sebitara hyzmatdaşlygy we halkara işlerindäki artýan orny bilen okgunly ösýän sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Sebitiň ýurtlary özara gatnaşyklarda pragmatiki çemeleşmäni görkezýärler, özara baglanyşygy pugtalandyrýarlar we ykdysady hem-de syýasy hyzmatdaşlygyň häzirki zaman gurluşynyň kemala gelmegine gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýärler.

Merkezi Aziýanyň serişde we üstaşyr mümkinçiliklerini Beýik Britaniýanyň maliýe, kadalaşdyryjy standartlar, tehnologiýalar we bilim pudaklaryndaky mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmagyň (sinergiýasynyň) amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Öz gezeginde, Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri «C5+UK» formatyna Beýik Britaniýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm görnüşi hökmünde ýokary baha berdiler. Bu formatyň daşary hyzmatdaşlar bilen gurluşlaýyn we mazmunly gepleşikleri ýola goýmakda eýýäm özüni netijeli mehanizm hökmünde görkezendigi bellenildi.

Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy bähbitlerini we ileri tutýan ugurlaryny nazara alyp, sebitara gün tertibine toplumlaýyn seretmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem ykdysady başlangyçlary öňe sürmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi