BIZNES

Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrdy

Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz eksport etmekde öňdeligi eýeleýär. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaý 1,44 milliard dollar möçberinde türkmen tebigy gazyny import etdi. Bu hem 1,47 esse ösüş bilen tapawutlanýar. Bu barada HHR-iň Baş gümrük gullugynyň statistika maglumatlarynda beýan edilýär.

Degişli hasabat döwründe Hytaý Russiýadan 526,9 million dollar, Mýanmadan 224,6 million dollar, Gazagystandan 105,1 million dollar we Özbegistandan 48,4 million dollar möçberinde tebigy gaz satyn aldy.

Ýaýradylan statiktika maglumatlaryna görä, degişli hasabat döwründe Hytaýa eksport edilen suwuklandyrylan gazyň möçberinde Awstraliýa birinji orny eýeleýär. Bu döwürde Awstraliýa 3,57 milliard dollar möçberinde suwuklandyrylan gaz iberdi. Hytaý ýanwar-fewral aýlarynda Katardan 2,32 milliard, Malaýziýadan 1,87 milliard, Indoneziýadan 746 million, Russiýadan 503 million we ABŞ-dan 665 million dollar möçberinde suwuklandyrylan gaz satyn aldy.

Türkmenistan tebigy gazyny Hytaýa Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly iberýär.

 

“El Klasiko”: “Barselona” 4:0 hasabynda utdy

Ýene-de okaň

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar