BIZNES

Türkmenistan-Hytaý: ulag ulgamynda ylalaşygyň üstünde işleýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag ulgamynda boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurdaky taraplaryň garaýyşlary iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gol çeken bilelikdäki beýannamasynda hem orun aldy.

Bu beýannamada şeýle diýilýär:

– Taraplar üpjünçilik ulgamlarynyň özara baglanyşygynyň Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasynda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze ösüş nokady bolup durýandygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara awtomobil ulagy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmagy çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Iki ýurduň arasynda ýollary birleşdirmekde we serhetüsti ulaglar ulgamynda hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň zerurdygyny nygtadylar, Hytaý — Gyrgyzystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol konteýner otlularynyň gatnawlarynyň hem-de Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan halkara multimodal gatnatmalarynyň sanyny we möçberini artdyrmagy, CAREC, OSJD-niň hem-de beýleki köptaraplaýyn gurallaryň çäklerinde gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dowam etdirerler. Hytaý tarapy ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny beýan edýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy