JEMGYÝET

Türkmenistan halky Halkara Nowruz baýramyny belleýär

Baýramçylyk pursatlary

Şu gün ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden dabaralar bilen bellenýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkyny bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Bagtyýar halkym!

Gadyrly watandaşlar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň her biriňize parahat we bagtyýar durmuşy, maşgala abadançylygyny, berk jan saglygyny arzuw edýärin. ªatlyk-şowhuna beslenip giňden bellenýän baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli raýatlaryny il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrjakdygyna, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.

Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň we beýleki Gündogar akyldarlarynyň nusgawy eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur beýan edilýär.

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynda, halk döredijiliginde, medeni mirasynda Nowruza giň orun berilmegi onuň taryhy kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Halkymyzda Nowruz baýramy bilen bagly yrym-ynançlaryň, däp-dessurlaryň ençemesi bar. Merdana pederlerimiz Nowruzda berjaý edilýän däpleriň we ynançlaryň üsti bilen, nesilleri Watana wepalylyk, tebigata we durmuşa söýgi, ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläpdirler, ýaşlaryň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri, halal zähmet çekmek endiklerini kemala getiripdirler.

Eziz watandaşlar!

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmegi, Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy baýramyň halkara derejede ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýram mynasybetli geçirilýän çäreler Nowruz baýramyny belleýän halklary, ýurtlary birek-birege ýakynlaşdyrmak bilen, medeni-ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanmagyna ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň we taryhy-medeni gymmatlyklarynyň rowaçlanmasynyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Bu bolsa bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň durmuşyndaky şanly seneleriň, milli baýramlaryň raýatlary belent maksatlara we halal işlere ruhlandyrmakda örän uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.

Bu gün «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň nurana bahar pasly türkmen topragyna düşümli gadam basyp, eziz Diýarymyzy lälezarlyga besledi. Ajaýyp ýaz paslynyň ýagyşly-ýagmyrly, gül-gunçaly, hoştap howaly tereň dünýäsi Garagum sähramyzyň, keremli daglarymyzyň, boz meýdanlarymyzyň görküne görk goşdy. Nowruz günlerinde ekerançylyk bilen bagly däpleri berjaý edýän daýhanlarymyzyň, ýaş agaç nahallaryny oturdýan bagbanlarymyzyň, sonarly sähralarda owlak-guzy möwsümine girişen maldarlarymyzyň buýsançly kalplarynda bahar joşguny — Nowruz şatlygy möwç urýar. Döwürdeş şahyrlarymyzyň Nowruzyň waspyny ýetirýän goşgularynda mukaddes topragymyzyň bereketliligi, halkymyzyň milli gymmatlyklary, ajaýyp tebigatymyzyň gözellikleri çeper şöhlelenýär. Täze eýýamda täze, baý many-mazmuna beslenýän Nowruz baýramynyň şatlyk-şowhuny her bir bagtyýar maşgala ojagyna sahawatlylyk, döwletlilik, agzybirlik getirýär.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda geçirilýän baýramçylyk dabaralary mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň özboluşly subutnamasyna öwrülýär.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi bahar gözelliklerinden gaýnap-joşýan ýurdumyzda giň gerim bilen bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş arzuw edýärin.

Goý, Nowruz nagmalary göwünlere ganat berip, ykballara baky bagtyň ýakymly owazy bolup dolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

 

Josef Baýdenden Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag haty

Ýene-de okaň

“Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň jemleri jemlendi

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi

Begenç Goçmollaýew söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy

Batyr Atdaýew Türkmenistanyň wise-premýeri wezipesinden boşadyldy

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri