JEMGYÝET

Türkmenistan GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň onlaýn duşuşygyna gatnaşar

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly mejlisinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Şu ýylyň 29-njy maýynda GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk we hyzmatdaşlygyň ykdysady, ulag, medeni, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlary boýunça birnäçe meselelere garamak meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama kabul edildi. Jarnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanmak bilen, häzirki wagtda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça jemleýji işler geçirilýär.

Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň GDA-da Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisinde garaljak resminamalaryň taslamalaryny gutarnykly ylalaşmak we beýleki guramaçylyk meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, 27-nji maýda göni wideoaragatnaşyk arkaly GDA-nyň ähli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Iş duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri