SPORT

Türkmenistan futbol duşuşyklaryny Koreýa Respublikasynda oýnar

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda çykyş edýän futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň galan duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde geçirilip, ony Koreýa Respublikasy kabul eder. Bu barada ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçildi.

Saýlama tapgyrynyň “H” toparçasynda Koreýa Respublikasy, KHDR (Koreýa Halk Demokratik Respublikasy), Liwan hem-de Şri-Lanka bilen bilelikde çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň duşuşyklarynyň 3-15-nji iýun aralygynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýygyndy topary toparçada geçiren 5 duşuşygynda toplan 9 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Geçirilmeli duşuşyklaryň tertibi (geçirilýän ýeri Koreýa Respublikasy):

03.06.2021 ý.

KHDR – Şri-Lanka

Koreýa Respublikasy – Türkmenistan

07.06.2021 ý.

Türkmenistan – Liwan

Şri-Lanka – Günorta Koreýa

11.06.2021 ý.

Günorta Koreýa – KHDR

Liwan – Şri-Lanka

15.06.2021 ý.

Günorta Koreýa – Liwan

KHDR – Türkmenistan

 

UEFA Ýewropa ligasynyň duşuşyklarynyň netijeleri

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”