DÜNÝÄ

Türkmenistan-Fransiýa: hyzmatdaşlygyň köp ugurlary maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, fransuz tarapyna bolsa Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi.

Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy, söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri güýçlendirmek maksady bilen iň ýokary derejede gatnaşyklayrň işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Halkara we sebit guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi beýan edildi, Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen özara gatnaşyklara garaldy. Duşuşygyň aýratyn mowzugy Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklar, şeýle hem “ÝB-iň Merkezi Aziýa strategiýasynyň” durmuşa geçirilmegi boldy. Şol bir wagtyň özünde, ynsanperwerlik ugrundaky gepleşikleri şu ýyl dowam etdirmek üçin özara gyzyklanma bildirildi.

Diplomatlar halkara gün tertibi barada pikir alşyp, halkara energetika we daşky gurşaw howpsuzlygynyň käbir ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ykdysayd hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz hökümetara toparynyň we energetika boýunça iş toparynyň işlerini işjeňleşdirmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar/

Mundan başga-da, bilelikdeki işewürlik taslamalary bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde aragatnaşyk we kommunikasiýa ugurlary kesgitlendi.

Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babarda arheologiýa we muzeý işi aýratyn üns berdiler. Aşgabatda hereket edýän fransuz dilini öwrenmek üçin iş alyp barýan “Fransuz institutynyň” işine aýratyn orun berildi.

Fransuz wekiliýetiniň ýurdumyza sapary dowam edýär we wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda gepleşikler geçirerler.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk