BIZNES

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

Türkmenistanyň “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti Afrika yklymyna eksportynyň çägini üstünlikli giňeldýär. Ýanwar aýynda Eswatini Patyşalygyna amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri boýunça, kompaniýa önümleriniň uly tapgyryny ibermek barada ylalaşyk gazandy.

Şertnama laýyklykda, bu ýurda Türkmenistanda öndürilen 1 million sany SIM-kart we 30 müň sany alýumin korpusly LED çyralary eksport ediler. Söwda şertnamalaryndan başga-da, taraplar strategik hyzmatdaşlygyň geljegi we yzygiderli tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Sanlylaşdyryş we döwlet hyzmatlary

Gepleşikleriň möhüm ugruny döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk düzdi. Taraplar “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň tehnologik çözgütleriniň esasynda Eswatinide döwrebap milli ID-pasport ulgamlaryny we biometrik şahsyýeti anyklaş mehanizmlerini ornaşdyrmak mümkinçiliklerini gözden geçirdiler.

Türkmen hünärmenleri döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we goralan pasportlaşdyryş ulgamlaryny döretmek boýunça öz işläp taýýarlamalaryny hödürlediler. Bu bolsa afrikaly hyzmatdaşa elektron hökümete geçişi ep-esli çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Geljegi uly hyzmatdaşlyk

Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bolan özara gyzyklanma türkmen innowasion önümleriniň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygynyň ýokarydygyny tassyklaýar. Eswatini Patyşalygy bilen geçirilen üstünlikli gepleşikler Türkmenistan bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýar we ýurdumyzyň ýokary tehnologiýalar pudagynyň eksport mümkinçiliklerini görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler