JEMGYÝET

Türkmenistan Durnukly ösüş boýunça sebit sammitine gatnaşýar

Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Durnukly ösüş boýunça 2-nji sebit sammiti geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe we ykdysadyýet meselelerine gözegçilik edýän orunbasary Muhammetguly Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Şeýle hem sammite Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzade, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žeenbekow, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Uşa Rao-Monari hem gatnaşýar.

Gazagystanyň milli habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu sebit sammitine gatnaşyjylaryň öňünde sammiti kabul ediji ýurt hökmünde Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gazagystanyň BMG tarapyndan kesgitlenen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagalla edýändigini we bu ugurdaky görkezijileri gazanmakdan ygrarlydygyny belledi.

Sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň iri we kiçi şäherlerinde ösüş gazanmak üçin kabul edilýän çözgütleri ara alyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy, zenanlaryň we ýaşlaryň durnukly ösüş üçin hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin edilýän tagallalar boýunça pikir alyşmalar geçirilýär.

Sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyna ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda senagat, energetika, maşyngurluşyk, oba hojalygy we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Halkara guramalaryň maglumatyna görä,  Merkezi Aziýada sebitara söwda 6,5 ​​milliard dollar, sebit ýurtlarynyň arasyndaky özara söwdanyň paýy bolsa umumy söwdasynyň 9 göterimini düzýär.

 

Manamada türkmen-bahreýn syýasy geňeşmeleri geçirildi

Ýene-de okaň

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmengaz» we CNPC «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny enjamlaşdyrmak barada şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri