DÜNÝÄ

Türkmenistan döwletimiz Kaliforniýa uniwersitetinde tanyşdyryldy

Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis Hukuk mekdebiniň çäginde hereket edýän “ALSA” jemgyýetiniň indi däbe öwrülip barýan Halkara medeniýet güni çäresine üstümizdäki ýyl hem Türkmenistanyň diwarlygy bilen gatnaşdyk.

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Halkara medeniýet gününe Dawis Hukuk mekdebinde bilim alýan halkara talyplar öz milli tagamlary we ýurdyny tanyşdyrýan stendleri bilen gatnaşdy.

Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň aprel aýynyň 19-ynda geçirilen “ALSA” prezident saýlawlarynda türkmenistanly hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjow bir döwür üçin bu guramanyň prezidenti wezipesine saýlanypdy.

ALSA-nyň täze adminstrasiýasy tarapyndan geçirilrlen bu ýylky çärede türkmen pişmesi myhmanlara hödürlendi. Şeýle hem milli gymmatlyklarymyzy tanyşdyrýan stendimiz köp sanly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň stendimizde, şeýle hem Magtymgyly atamyzyň kitaby hem öz mynasyp ornuny tapdy. Çärede Türkmenistan bilen bir hatarda, Özbegistan, Türkiýe, Saud Arabystany, Hytaý, Brazilýa we başga-da birnäçe ýurtlaryň stendleri ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Ermek Koşerbaýew Gazagystanyň daşary işler ministri wezipesine bellendi

Aşgabatda Hytaýyň döredilmeginiň 76 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berler

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

680 dollarlyk kofe Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Bahriýa uniwersitetinde umumy sapak geçirdi