DÜNÝÄ

Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky iri halkara forumy – pudaklaýyn sergileri we aragatnaşyk hem-de logistika boýunça maslahatlary birleşdirýän çäre diňe pikir alyşmak üçin meýdança bolman, eýsem anyk ylalaşyklaryň gazanylan netijeli iş giňişligi hem boldy. Forumyň çäklerinde geçirilýän köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklar çäreleriň ýokary derejede netijeliligini görkezýär.

Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň we daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleri işjeň gepleşikler geçirildi. Käbir duşuşyklar tanyşdyryş we maslahat häsiýetli bolsa-da, köpüsi anyk teklipleriň öňe sürülmegi bilen işjeň häsiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, sebit üçin aýratyn ähmiýetli ugurlarda – telekommunikasiýa we kiberdurnuklylyk boýunça möhüm ylalaşyklara gol çekildi:

  • «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasy bilen «Kyrgyztelekom» Açyk paýdarlar jemgyýeti arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama gol çekildi. Bu resminama telekommunikasiýa akymlarynyň üstaşyr geçirilmeginie guramaga gönükdirilen bolup, Merkezi Aziýanyň sanly geçelge hökmünde ornuny güýçlendirýär.
  • Kiberhowpsuzlyk ugrunda bolsa, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi dünýäde öňdebaryjy maglumat howpsuzlygy we bulut çözgütleri boýunça tanalýan Amerikan kompaniýasy “Palo Alto Networks, Inc.” bilen özara düşünişmek boýunça ähtnama baglaşdy.
  • Mundan başga-da, Fransiýanyň “THALES DIS France SAS” kompaniýasy bilen özara düşünişmek boýunça ähtnama gol çekildi. Bu resminama milli maglumat giňişliginiň goragyny berkitmekde köpugurly çemeleşmäniň aýdyň görkeziji boldy.

Logistika we ulag ugrunda geçirilen gepleşikler hem manyly netijeleri berdi.

Şol sanda, Türkmenistanyň Demir ýol ulag ministrligi bilen Hytaýyň inženerçilik korporasiýasy “China CAMC Engineering Co., Ltd.” arasynda özara düşünişmek barada ähtnama baglaşyldy. Bu ylalaşyk ýurduň demir ýol infrastrukturasyndaky döwrebaplaşdyrma we ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalara mümkinçilik döredýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy