DÜNÝÄ

Türkmenistan “C5+1” dialogynyň möhüm minerallar boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ-nyň wekilleri Astana şäherinde geçirilen “C5+1″ dialogynyň çäginde geologiýa gözlegleri, gazyp almak, gaýtadan işlemek hem-de möhüm minerallary dünýä bazaryna çykarmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu barada Gazagystanyň Senagat we gurluşyk ministrligi habar berýär.

Duşuşyga Gazagystanyň senagat we gurluşyk ministri Ýersaýn Nagaspaýewiň hem-de ABŞ Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Goryň bilelikdäki ýolbaşçylygynda geçirildi.

Bu duşuşyga Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti hem gatnaşdy.

Gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Olaryň hatarynda gaýtadan işlemek pudagynda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmek, senagat klasterlerini döretmek, tehnologiýa geçirişini amala aşyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we beýleki ugurlar bar.

Şeýle hem önümleriň dünýä bazaryna ygtybarly iberilmegini üpjün etmek maksady bilen logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ähli taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de bilelikdäki senagat we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Related posts

Ankaranyñ iň beýik binalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli türkmen baýdagynyň reñkine bezeldi

Ýaşamak üçin iň gowy şäherler

vepa

BMG Türkiýäniň adyny üýtgetdi