JEMGYÝET

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Howanyň üýtgemegi şertlerinde Azyk howpsuzlygy boýunça maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropadaky Sebitleýin býurosynyň Direktory Arnold Kreýlhuberiň arasynda duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNEP-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki Türkmenistanyň anyk ädimleri bellendi. Hususan-da, merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşjek Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek boýunça bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP-28) goşulan Ählumumy metan borçnamasynyň şertleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýasy (IMEO) bilen bilelikde MARS ulgamy arkaly ýüze çykarylan zyňyndylar baradaky täzelenen maglumatlar bilen yzygiderli üpjün etmegiň mehanizmini işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilişiniň gidişi beýan edildi.

Taraplar Aral deňziniň ýagdaýyny, şol sanda Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda Aral deňziniň howdany boýunça BMG-niň ýörite Maksatnamasynyň düzümini we formatyny kesgitlemek maksady bilen, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komitetiniň (ESCAP) howandarlygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin duşuşygynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem, taraplar Hazar deňzi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilmegi teklip edilen «Hazar ekologik başlangyjynyň» işlenilip taýýarlanylmagy dogrusynda pikir alşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Hazar sebitinde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen baglanyşykly anyk taslamalar boýunça Türkmenistan bilen UNEP-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler daşky gurşawy goramak ulgamynda işjeň dialogy we özara gatnaşyklary dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler