JEMGYÝET

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy

Türkmenistan döwletimize Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy iýunda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, türkmen halkyny şu ýylyň 6-njy iýunynda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanmagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz geljekde hem BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigi barada belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem  Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.

Şeýlelikde, Türkmenistan bu abraýly guramanyň wise-başlyklygyna 8-nji gezek saýlanýar.

Baş Assambleýa BMG-niň ýeke-täk uniwersal edarasy bolup, 193 döwlet onuň agzasydyr.

Ýene-de okaň

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar