MEDENIÝET

Türkmenistan Bişkek halkara kino festiwalyna gatnaşar

Şu ýylyň 11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyz Respublikasynda III Bişkek halkara kino festiwaly geçiriler. Bu festiwala türkmen kinematografçylarynyň hem eserleri gatnaşar.

Festiwalda Türkmenistan döwletimize režissýor Hekim Alowowyň surata düşüren “Kitap” filmi wekilçilik eder. Şeýle hem bu film festiwalyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň bäsleşiginiň sanawyna goşuldy. Sebitiň 5 döwletinden 9 film bu ugurda bäsleşer.

Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Kitap” filmi Nurmyrat Saryhanowyň eseri esasynda surata düşürildi. Filmde türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary hem-de kitaba bolan söýgüsi açylyp görkezilýär.

Mälim bolşy ýaly, Hekim Alowowyň surata düşüren “Kitap” filmi Aşgabat şäherinde geçirilen “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynda, şeýle hem golaýda Türkiýäniň Izmir şäherinde geçirilen “Turan” film festiwalynda görkezildi. “Kitap” filmi “Turan” film festiwalynda baýraga hem mynasyp boldy.

Şu ýerde, türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» çeper filminiň 2024-nji ýylda Bişkek halkara kino festiwalynda görkezilendigini bellemek gerek.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýokary hilli mazmunly film öndürmek boýunça ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanadygyny bellemek gerek. Her ýyl ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny we häzirki durmuşyny görkezýän dürli žanrly täze filmler kinoekranlaryna çykýar.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi