MEDENIÝET

Türkmenistanyň Baş arçasynyň dabaralaryndaky çäklendirmeler

Türkmenistanda sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý sebäpli Aşgabatda – Älem medeni we dynç alyş merkeziniň öňündäki gurlan Baş arçada we Söwda-senagat edarasynyň binasynda gurlan Täze ýyl arçasynda çagalar üçin niýetlenen dabaralar ýatyryldy. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, Täze ýylyň nyşany bolan dürli oýunjakly arçalar oturdylar. Ýöne ýokanç keselleriň öňüni almak we çagalaryň we ulularyň saglygyny goramak maksady bilen baýramçylyk çäreleri ýatyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ozal çagalar Aýazbaba we Garpamygyň gatnaşmagynda Täze ýylyň baýramçylyk dabaralary olaryň ähli gyşky dynç alyş döwründe geçirilýärdi.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli eserleri, şeýle hem, beýleki habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Related posts

Jamilýa Gurbanowa: Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň saz däplerini meňzeş owazlar birleşdirýär

Dünýäniň iň uly iti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda muzeýleriň işi kämilleşdiriler