MEDENIÝET

Ahyrky garagyş

Türkmen çarwa hasaby boýunça fewral aýynyň 7-sinden soň garagyş döwri başlanýar. Kiçi çille, soňky garagyş gyşyň ahyryna sapmasy hasap edilýär. Bu döwürde garly, aýazly günleriň uly çillä garanda, has köp bolýandygy üçin maldarçylykda aýratyn jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Halk arasynda: «Kiçi çille: «Ýalkasam — süýt-gatyk iýdirin, gargasam — kellebaşaýak» diýenmiş» diýen aýtgy bar.

Beýle diýilmeginiň sebäbi soňky garagyşda ilkinji köşekler, guzular görnüp başlaýar. Şeýle ýagdaýda çopan-çoluklar süýt-gaýmak iýip başlaýarlar. «Kellebaşaýak iýdirin» diýdigi käte gyş ahyrynda gazabyna tutup, mallaryň baş sanynyň belli bir derejede azalmagyna getirýär.

Howa maglumatlaryna görä, kiçi çillede ýurdumyzyň ähli ýerinde gar we ýagyş ýagdy. Bu güýzlük bugdaýlar üçin örän ýaramly bolsa-da, maldarlar üçin kynçylyklary döretmän durmady.

Soňky garagyşyň ahyrynda, ýagny fewral aýynyň 17-si güni agşam ýere ýyly girip ugraýar. Urulardaky ýeralmalar, käşirler gögermäge çemlenip, pyntykdyr ösüntgi çykarmaga başlaýarlar.

Halk arasynda aýdylýan rowaýata görä, şol gün ikindinara bir pursat bolup, ol gyş bilen ýazyň sepgidimiş. Şonda hemme zat, hatda daş hem gowşaýarmyş.

Fewral aýynyň 22-sine garagyş gutaryp, togsan dolýar. Ondan soňra çarwa nowruzy diýilýän döwür başlanýar. Bu döwürde hem guşgaýy, düwlendoňak diýilýän, az wagtlyk dowam edýän sowuk howaly günleriň bolýan halatlary bolýar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi

Aşgabatda Weli Muhadowa bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri geçiriler

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi