JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Tokio Olimpiýa komiteti arasynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň “Tokio-2020” Tomusky Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň hem-de Milli Olimpiýa komitetleri we Milli Paraolimpiýa komitetleri bilen işleşmek gullugynyň başlygy Toru Kobaýaşi bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

COVID-19 global pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýyla geçirilen “Tokio -2020” Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň meseleleri duşuşygyň esasy temasyna öwrüldi. Hususan-da, türkmen türgenlerini bu Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak boýunça çalt depginde alnyp barylýan giň möçberli işler, şeýle-de dünýä standartlaryna laýyk gelýän köpugurly sport desgalarynyň işini bellemek zerurdyr.

Türkmen tarapy agzalan Olimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň işine ýokary baha berdi. Öz gezeginde, ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň ösüşi barada aýdyp, Toru Kobaýaşi halkara sport ýaryşlaryny geçirmekde Türkmenistanyň baý tejribesiniň bardygyny belledi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy