DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy 1,6 milliarddan geçýär

Aşgabatda Russiýanyň güni mynasybetli resmi kabul edilme dabarasy geçirildi. Bu dabarany Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurnady diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.

Dabaranyň myhmanlaryny mübärekläp, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin, Russiýanyň güni ýurduň esasy döwlet baýramy bolup, halkyň bitewüligini alamatlandyrýandygyny belledi.

Ol çykyşynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.

Ilçiniň bellemegine görä, Russiýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary ikitaraplaýyn ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine ýardam edýär.

Ilçi şeýle-de, iýun aýynyň ahyrynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň resmi saparynyň garaşylýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow çykyş etdi.

Geldimyradow çykyşynda, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 60 milliard dollardan geçendigini aýtdy.

2025-nji ýylyň alty aýynyň maglumatlaryna görä, söwda möçberi 58% ýokarlandy. Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup, ýyllyk haryt dolanyşygy 1,6 milliard dollardan ýokarydyr.

Hyzmatdaşlyk syýasaty, ykdysadyýeti, medeniýeti we ylmy öz içine alýar. Energetika, ulag we sanly ykdysadyýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem üstünlikli ösýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy