SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzili ýolagçylara içerki WiFi ulgamy arkaly elýeterli bolan häzirki zaman multimediýa ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär.

Täze maglumat we dynç alyş platformasy mobil enjamlar, planşetler şeýle hem kompýuterler üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Ýolagçylar bu ulgam arkaly çeper we dokumental filmleri, dürli görnüşdäki aýdym-saz eserlerini, şeýle-de döwürleýin neşirleriň elektron görnüşlerini öz içine alýan uly multimediýa katalogyna girip bilýärler.

Bu başlangyç ýolagçylara hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga gönükdirilip, halkara derejeli howa menzillerindäki hyzmatlaryň hiline doly laýyk gelýär.

Munuň ýaly tehnologiki çözgütleriň ornaşdyrylmagy ýurduň howa gatnawy infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm ädim bolup, halkara howa menziliniň işini dünýä ülňülerine laýyk alyp barmaga ýardam berýär.

Geljekde multimediýa ulgamynyň funksiýalaryny has-da giňeltmek we täzelikler bilen yzygiderli baýlaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: elektron wiza we bilelikdäki syýahatçylyk ugurlary göz öňünde tutulýar

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri