DÜNÝÄ

Russiýanyň daşary işler ministri Türkmenistana geler

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iýun aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherine resmi sapar gurar. bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Russiýanyň güni mynasybetli resmi kabul edişlikde yglan etdi.

“Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana resmi sapary üçin işjeň taýýarlyk görülýär. Sergeý Wiktorowiç Lawrow iýun aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherine geler” -diýip, ilçi belledi.

Wolynkin taraplaryň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ähli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly itergi berýändigini belledi.

Related posts

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklygy kabul etdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Kuweýtde saparda boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýada ikiçäk duşuşyklar geçirdi