JEMGYÝET

Aşgabatda “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahat geçirildi

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy.

Maslahata Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Sahy Imamberdiýew, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ýegor Zaýsew, daşary ýurtly ilçiler, ýerli hem-de daşary ýurtly habarçylar gatnaşdy. Şeýle hem bu foruma Merkezi Aziýa döwletlerinden, şol bir wagtda Russiýadan we Eýrandan wekiliýetler çagyryldy.

Halkara maslahat 5 plenar mejlis boýunça geçirilip, “Häzirki zaman çemeleşmeler – şahsyýeti anyklamak we migrasiýa dolandyryşynda resminamalary düzgünleşdirmek”, “Ekologiýa bilen bagly meseleler we olaryň migrasiýa edýän täsiri”, “Raýatsyzlyk-aradan aýyrmagyň ýollary we hukuk çözgütleri”, “Migrasiýanyň geljegi: innowasiýalar we sanly çözgütler” we “Sebitleýin hyzmatdaşlyk: parahatçylyk we ynam – durnukly ösüşiň we netijeli migrasiýa syýasatynyň esaslary” ýaly mejlislerde çykyşlar diňlenildi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady