BIZNES

Türkmenistan bilen Russiýa 150 milliardlyk şertnama baglaşdy

Türkmenistan bilen Russiýanyň kompaniýasy Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynyň çäklerinde 150 milliard rubl möçberinde ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekdiler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

– Iki günlük forumyň netijeleri boýunça türkmen we rus kompaniýalary umumy bahasy 150 milliard ruble deň bolan ýüzlerçe şertnama gol çekişdiler – diýip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Russiýanyň senagat korporasiýasynda ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Iki ýurduň işewürleri täze taslamalary işläp düzýärler. Russiýanyň Eksport merkeziniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň demirýol ulgamynyň düzümini pugtalandyrmak babatda taslamalar durmuşa geçirilýär, ýük wagonlary we enjamlar bilen üpjün edilýär.

Russiýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 3,5 milliard dollara barabar 20-den gowrak maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär.

Ulag, gurluşyk, awtomobil, gämi gurluşygy, derman senagaty, geologik gözlegler, nebitgaz pudagynda täze taslamalary işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler