DÜNÝÄ

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow Aşgabadyň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşdy diýip, “Dunyo” habarlar agentligi habar berýär.

Taraplar özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda durnukly ösýändigini we paýtagtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň pugtalanýandygyny bellediler. Duşuşykda doganlyk şäherler hakyndaky ylalaşygy durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, wekiliýetleriň alyş-çalşygyny işjeňleşdirmek, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak we medeni-ynsanperwer çäreleriniň sanyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki halkyň dostlugynyň simwoly bolan Aşgabatdaky «Daşkent» we Daşkentdäki «Aşgabat» dynç alyş seýilgählerine aýratyn üns berildi. Taraplar şeýle hem möhüm döwlet seneleri mynasybetli medeni-aň-bilim çärelerini geçirmek boýunça tekliplere seretdiler.

Ýene-de okaň

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy