BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard 64,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33 million ABŞ dollaryna köpdür. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Şu ýylyň 11 aýynda Özbegistan bazaryna Türkmenistandan 926,2 million ABŞ dollaryna barabar harytlar iberildi. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistana import boýunça 8-nji orny eýeledi.

Hasabat döwründe goňşy ýurtdan Türkmenistana import edilen hyzmatlaryň we harytlaryň bahasy 138,2 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27,8 million ABŞ dollaryna köpdür.

Mundan ozal şu ýylyň 10 aýynda iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň 876,8 million ABŞ dollaryna ýetendigini habar beripdik. Şeýlelikde, noýabr aýynda türkmen-özbek haryt dolanyşygynyň ep-esli artandygyny görmek bolýar (187,6 million ABŞ dollary).

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar