JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda täze resminamalara gol çekildi

Şu gün «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnama gol çekdiler.

Şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň arasynda iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

– Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýasy gepleşikleri, parlamentara, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni we ynsanperweralyş-çalyşlary işjeňledirmek üçin 2022-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna;

– Ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyga;

– türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň çägindäki söwda öýleriniň işini kadalaşdyrmak baradaky ylalaşyga;

– Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga;

– Oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin Hereketleriň meýilnamasyna;

– Dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny hasaba almak baradaky ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda elektrik energetika ulgamyda hyzmatdaşlyk etmek, gümrük işi, weterinarçylyk we maldarçylyk, kinematografiýasy we beýleki ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler