DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly üns berýändigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, barha täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar möhüm orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda golaýda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy hem-de görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol saparyň çäklerinde özbek kärdeşleri bilen ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, söwda-ykdysady we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Milli Liderimiz geçen ýylyň oktýabr aýynda Daşkende bolan resmi saparyny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol ýerde ýokary derejede, açyklyk we özara ynanyşmak ýagdaýynda netijeli gepleşikler geçirildi. Olaryň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we iki doganlyk halkyň abadançylygyna hyzmat etjek resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak arkaly guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetiniň bähbitleriň umumylygy hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bellenildi. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de ylalaşyklylygy üpjün etmekde aýratyn orun eýeleýärler. Munuň özi sebitde we onuň çäklerinden daşarda ýagdaýlaryň çalt üýtgeýändigi bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk baý tejribesiniň we asylly däpleriniň häzirki döwürde iki döwletiň ösüşiniň täze ýagdaýlaryna hem-de isleglerine laýyklykda baýlaşdyrylýandygy nygtaldy. Şunda taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan üstünlikli peýdalanmak üçin mundan beýläk-de zerur çäreleri görmäge meýillidigi tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

 

“Amazon” ilkinji egin-eşik dükanyny açar

Ýene-de okaň

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri

Hazar deňzi boýunça ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

Tramp işewür Maska täze hökümetde iş teklip etdi

Özbegistan howa ýitgileri we zyýany boýunça halkara merkezi döretmegi teklip etdi

Täjigistan 2037-nji ýyla çenli dolulygyna “ýaşyl” ýurt bolar

Ata Watan Eserleri

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatdaky ulag forumyna çagyryldy