BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «Özbegistan demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Taraplar demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki meselelerine, şeýle hem ýük daşalyşyny artdyrmak boýunça ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulýan meýilnamalara we mümkinçiliklere seretdiler. Bu barada “railway.gov.tm” internet sahypasynda habar berilýär.

«Özbegistan demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň ýükleriň daşalyşyny guramak edarasynyň ýolbaşçysy S.Norkobilow we «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary A.Hudaýberdiýew ýükleriň daşalyşyny bökdençsiz üpjün etmek, ulaglar we daşalýan harytlar boýunça maglumatlary alyşmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar lokomotiw hojalyk jemgyýetleriniň arasynda özara tejribeleri alyşmak meselelerine hem seretdiler.

Özara gepleşikleriň netijesine laýyklykda, taraplar özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etmek we ösdürmek boýunça ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär