BIZNES

Türkmenistan bilen “KHD Humboldt Wedag” kompaniýasy ähtnama gol çekişdi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Germaniýanyň öňdebaryjy «KHD Humboldt Wedag International AG» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk toplumyny tehnologiýa taýdan güýçlendirmäge gönükdirilen möhüm resminama halkara “CIET 2025” maslahatynyň çäklerinde gol çekildi. Bu Ähtnama Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Germaniýanyň Federatiw Respublikasyndaky öňdebaryjy «KHD Humboldt Wedag International AG» kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy.

“KHD Humboldt Wedag” sement senagaty üçin inženerçilik we tehnologik çözgütler boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Ähtnama gol çekilmegi netijesinde häzirki önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk materiallary boýunça täze zawodlary gurmak hem-de energiýa tygşytlylygyny we pes uglerod çykaryşyny üpjün edýän öňdebaryjy nemes tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlarda strategik hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açylýar.

«KHD Humboldt Wedag» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk, ýurduň gurluşyk senagatynyň halkara hil we durnukly ösüş standartlaryna laýyk täze derejä çykmagyna ýardam eder.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär