BIZNES

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

2025-nji ýylyň 6 oktýabrynda Rim şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň “Italiýada öndürilen önümler” we kärhanalar boýunça işleri ministri Adolf Urso bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň strategik ähmiýetli ugurlarda – möhüm çig mal, kosmos senagaty, energetika we telekeçilik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Italiýanyň degişli edarasy habar berdi.

Bu duşuşyk 24 oktýabrda Rimde geçiriljek işewürlik forumyna taýýarlyk tapgyry boldy. Forumda italýan we türkmen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Ministr Urso Türkmenistanyň bilen gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetini, aýratyn-da möhüm çig mal bilen üpjünçilik ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, ilçä bilen bu ugurda bilelikdäki taslamalary we maýa goýumlary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri kosmos pudagy boldy. Bu ugurda Italiýa we Türkmenistan hyzmatdaşlygyň institusional hem-de täjirçilik derejelerinde mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Taraplar iki ýurduň kosmos agentlikleriniň we kompaniýalarynyň arasynda tejribe we tehnologiýa alyş-çalşygyny ýola goýmak üçin tehniki dialogy başlamagyň zerurdygyny ylalaşdylar.

Mundan başga-da, Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky senagat hyzmatdaşlygyny ykdysady hyzmatdaşlygyň gurallary, işewürlik missiýalarynyň ilerledilmegi we strategik ugurlardaky kompaniýalaryň çekilmegi arkaly güýçlendirmek taýýarlygy tassyklanyldy.

Şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa sapary meýilleşdirilýändigi bellenilip geçildi.

24-nji oktýabrda Rim şäherinde “Türkmenistanda medeniýetleriň gül açan döwri: bürünç eýýamynyň Margiana we Parfiýa patyşalygy” atly serginiň açylyşy hem meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler