JEMGYÝET

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

Paýtagtymyzda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda howanyň üýtgemeginiň azyk ulgamlaryna we jemgyýetçilik saglygyna göni hem-de köpugurly täsir edýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti, şeýle-de goňşy döwletler utgaşdyrylan hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri talap edýän umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Foruma gatnaşyjylar ýerleriň şorlaşmagy, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýan töwekgelçilikleri peseltmekde azyk ulgamlaryna çemeleşmeleri özgertmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.

Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Olaryň hatarynda:

  • Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginden ýiti täsirlenýän ekoulgamlarda ýer serişdelerini dikeltmek üçin utgaşykly çemeleşme”,
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Amyderýa, Zarafşan we Panj derýalarynda suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşyny berkitmek”,
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň oba hojalygynda tebigat nukdaýnazaryndan oňaýly özgertmeleri çaltlandyrmak” hem-de “Pariž ylalaşygyna laýyklykda aýdyňlygyň giňeldilen çäklerini berjaý etmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek” atly taslama resminamalar bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi