DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Eýranyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Eýranyň daşary işler ministrleri Abbas Aragçi bilen Raşid Meredow energetika we ulag pudaklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Eýranyň metbugat gulluklary habar berdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik wagtynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetine üns berdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy, ykdysady, ylmy we medeni ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmek we özara gyzyklanmalary ilerletmek üçin ýakyn aragatnaşygy saklamak barada ylalaşdylar.

Related posts

Türkmen mekdep okuwçylary «Memoriad – 2024″ bütindünýä zehin olimpiadasyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär

vepa

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň resmi däl duşuşygy