BIZNES

Türkmenistan bilen Eýran sebit söwdasyny ösdürýär

Eýran Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen duşuşdy.

“IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda we ulag-aragatnaşyk pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Üstaşyr ýükleriň geçirilmegi Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutýan möhüm ugurlarynyň biridir, şol bir wagtda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topar hem hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňat meýdança bolup hyzmat edýär.

Sarash serhedinden günde 400 ýük wagonynyň geçirilmegi babatda ylalaşygyň bardygy, munuň ýene-de artdyrylyp bilinjekdigi mälim edildi. Bu babatda taraplar ýörite iş toparyny döretmegiň zerurdygyny bellediler.

– Üstaşyr ýükleriň geçirilmegi Eýran hem-de Türkmenistan üçin hem möhümdir. Eýranyň üsti bilen demirýol ugry örän amatlydyr. Sebäbi Eýranyň Çabahar porty bilen Hindi ummanyna çykmak mümkinçiligi bar. Bu ugur üstaşyr ýük geçişini 3 aýdan 20 güne çenli azaltmak mümkinçiligine eýedir – diýip, Eýranyň ministri belledi.

Taraplaryň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşygy 84 göterim ýokarlandy.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň ýük daşamalary üçin zerur bolan infrastrukturalarynyň ösdürilýändigini, muňa geçen ýyl ulanmaga berlen Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik bölümi hem mysal bolup durýandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Tähranda geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň mejlisinde iki ýurduň arasynda demirýol daşamalary iki esse artdyrmak babatda ylalaşylandygy bellenildi.

 

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrylar

Türkmenistan bilen Gazagystanyň gümrük edaralarynyň arasynda deslapdan maglumat alyşmaga badalga berildi

Türkmenistan pomidoryň eksportyny ýokarlandyrýar

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri