BILIM

Türkmenistan bilen Ermenistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory Diana Galoýan bilen duşuşdy. Duşuşyga EDYU-niň Daşary aragatnaşyklar bölüminiň direktory Lusina Daniýelýan we Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Anželika Musaýelýan gatnaşdy. bu barada Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Ilçi Aýazow ikitaraplaýyn diplomatiki gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek babatynda Ilçihananyň umumy alyp barýan işleri barada aýdyp geçdi. Şol bir wagtda bu duşuşygyň esasy maksadynyň  Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş uniwersiteti bilen Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bolup durýandygyny belledi.

Rektor D.Galoýan bolsa öz gezeginde Ilçiniň EDYU gelmegine  minnetdarlyk bildirdi we ýokary okuw mekdebiniň işi bilen tanyşdyrdy.  Bu ýokary okuw mekdebinde ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanýandygyny belledi. Ol şol bir wagtda “Amberd” ylmy-barlag merkeziniň işi barada jikme-jik aýdyp bermek bilen, Ilçini bu bilim edarasynyň işleri bilen hem tanyşdyrdy. Şeýlelikde, rektor daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny nygtady.

Gürrüňdeşler ylmy-barlaglar çygrynda hyzmatdaşlygyň, hususan-da, iki döwletiň ykdysady gatnaşyklary bilen bagly derňewleri geçirmegiň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylandan we takyklaşdyrylandan soň iki dostlukly döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ähtnama gol çekmek kararyna gelindi.

Ýene-de okaň

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Oba hojalyk uniwersitetinde prezentasiýa başarnyklary boýunça açyk sapak geçirildi

Aşgabatda pars dilini öwrenmek isleýänleriň dykgatyna!!!

Koreýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilim maksatnamasy boýunça talyplyga kabul edýär