JEMGYÝET

Türkmenistan bilen BMG 17 resminama gol çekdi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.

Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda:

  • Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
  • Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
  • Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Türkmenistanda 2026 — 2030-njy ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýaşlaryň bedenterbiýäni we sporty, parahatçylygy, gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
  • Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Kazyýet işinde gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna»;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna;
  • Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Demografik üýtgeşmeleri hasaba almak bilen maglumat ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna»;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna;
  • Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri