Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbrow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.
Ministrligiň habar bermegine görä, duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş geljegine baha berildi.
Ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistan bilen söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň mümkinçilikleri bellenildi. Mundan başga-da, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ileri tutulýan ugurlaryny, energetika, ulag-logistika we beýleki pudaklarda bilelikdäki işi giňeltmek baradaky meseleleri maslahatlaşdylar.
