JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjanyň ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda Gündogaryň seýrek duş gelýän gymmatlyklary bolan “garabag” we “ahalteke” atlarynyň iki halkyň taryhy we medeni mirasynda aýratyn orun tutýandygy nygtaldy. “Garabag” we “Ahalteke” atlarynyň bir gadymy köklerden gelip çykandygy, taryhyň we medeniýetiň emele getiren umumy mirasyny özünde jemleýändigi bellenildi.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki hökümetara toparynyň degişli teswirnamasynda atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini göz öňünde tutulýandygy we bu ugurda amaly ädimler ätmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Şu jähtden, ýurtlarymyzyň arasynda atçylyk sportunyň, däp bolan at oýunlarynyň, hünärmenleriň arasynda tejribe alyş-çalşygynyň, şeýle hem  “garabag” we “ahalteke” atlarynyň genofonduny gorap saklamagyň ähmiýeti bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde, atçylyk ulgamynda ýaşlar we talyplar üçin okuw we tejribelik maksatnamalaryny guramak, ylmy we bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Pygy Baýramdurdyýewyň Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň meşhur “Galkynyş” at üstündäki oýunlar toparynyň 2026-njy ýylda Azerbaýjanda görkezilişini guramak barada gazanylan ylalaşyk kanagatlanmak bilen bellenildi. Şol çykyşyň dowamynda “Ahalteke” we “Garabag” atlarynyň bilelikdäki görkeziliş maksatnamasynyň guralmagynyň hyzmatdaşlyga goşmaça goşant goşjakdygy aýdyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda iki ýurduň arasynda atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň, bu ugurda memoranduma gol çekmegiň we ÝUNESKO we beýleki halkara platformalarynda atçylyk ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň uly ähmiýeti nygtaldy.

 

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri