Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde halkara howpsuzlygy, parahatçylygy berkitmekden, bu babatda ýadro energiýasynyň ulanylyşyna gözegçilik etmek boýunça işleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Ýurdumyz ýadro ylmyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, ýagny lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek hem-de amala aşyrmak boýunça MAGATE bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzüm bilen gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek, ony milli we halkara tejribä laýyklykda, ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň degişli bentlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Şol teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, agentligiň 2025 — 2029-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek teklip edilýär. Bu resminamada geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda ileri tutulýan ugurlar, ýetilmeli sepgitler, ýerine ýetirilmeli işlerdir olaryň möhletleri kesgitlenilýär we düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 1960-njy ýylda güýje giren Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Ylalaşyga goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.
Şu ýylyň 15 — 19-njy sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçiriljek Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, agzalan mejlisiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän suw serişdelerini dolandyrmakda atom ylmyny ulanmaga bagyşlanan foruma guramanyň Baş direktorynyň adyndan aýratyn çakylyk hatynyň gelip gowşandygy bellenildi. Suw diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini göz öňünde tutup, bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny beýan etmek teklip edilýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna şu ýylyň 10 — 14-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde MAGATE bilen bilelikde ýadro we beýleki radioaktiw materiallar üçin howpsuzlyk kadalary boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu maslahata ýurdumyzyň wekilleri bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryndan, Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Şeýle-de Türkmenistanda onkologik keselleri bejermek boýunça bilelikdäki hereketlere syn boýunça maksatnamany (ImPACT) durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 8 — 13-nji sentýabry aralygynda guramanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär. Bu syny Atom energiýasy boýunça halkara agentlik, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Onkologiýa barlaglary boýunça halkara agentlik bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.