DÜNÝÄ

Azerbaýjan Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmaga isleg bildirýär

Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygynda çykyş eden Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 5-nji ýubileý sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga isleg bildirendigini mälim etdi.

Sadyr Žaparow azerbaýjan tarapynyň teklibi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna tabşyryk berip, bu meseläni öwrenmegi teklip etdi. Şondan soňra azerbaýjan tarapyna diplomatik ýol bilen habar bermek göz öňünde tutuldy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 5-nji Konsultatiw duşuşygynyň Täjigistanda ýurduň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammiti: gol çekilen ylalaşyklar

Related posts

Azerbaycan Hazar Anayasası’nı onayladı

vepa

Teýlor Swift rekord goýýar

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy