JEMGYÝET

Türkmenistan Beýik Britaniýanyň Parlamentindäki duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy parlamentara gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli tagallalar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilýändigi, şeýle hem parlament dostluk toparlarynyň işiniň işjeň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Şeýle hem Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentiniň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Ählipartiýalaýyn parlament toparynyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Bu toparyň ýolbaşçysy Pem Koks bolup durýar.

Related posts

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana geler

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň goranmak ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Döwlet howpsuzlyk geňeşi: ýolbaşçylar wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri