BIZNES

Türkmenistan BAE-nyň Merkezi Aziýadaky möhüm söwda hyzmatdaşydyr

Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen 14-nji ýyllyk maýa goýum forumyna (AIM Kongresi) gatnaşdy.

Şu ýyl “Global maýa goýumlaryň geljegi: Globallaşan maýa goýum landşaftynyň täze ugry – täze deňagramly dünýä gurluşyna tarap” mowzugy astynda geçirilýän foruma 180 ýurtdan 20000 töweregi wekil gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Geldymuradow BAE-niň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi bilen duşuşdy.

Duşuşykda Al Zeýudi Türkmenistanyň BAE-niň Merkezi Aziýada möhüm söwda hyzmatdaşydygyny belläp, soňky ýyllarda iki dostlukly ýurduň arasynda yzygiderli ösüşe eýe bolýandygyny belledi.

Taraplar gaýtadan dikeldilýän energiýa, ulag we başgalar ýaly esasy pudaklarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar