DÜNÝÄ

Türkmenistan-BAE: gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Birleşen Arap Emirlikleriniň «Masdar» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-nyň energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini tygşytly peýdalanmak we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň we BAE-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen ştab-kwartirasy BAE-nyň Masdar şäherinde ýerleşýän Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň – IRENA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek islegi bildirildi. Türkmenistan IRENA bilen hyzmatdaşlygyň çäginde halkara ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmäge, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanyp boljak alternatiw energiýa tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin meýdança bolmaga taýýardygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi